Please enable JS

Şu Kanun adam söwdasyna garşy hereket etmegiň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, adam söwdasyndan ejir çekenleri goramagyň, olaryň hukuklarynyň dikeldilmeginiň we olara kömek bermegiň, şeýle hem adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamagyň toplumlaýyn çärelerini kesgitleýär we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nj madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) adam söwdasyndan ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan fiziki şahs (çak edilýän pida) — olar babatda adam söwdasynyň pidalaryna barabar etmek amala aşyrylýan Türkmenistanyň raýaty, daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam.

2) adam söwdasy — adamy satyn almak-satmak ýa-da oňa eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri etmek, şeýle-de pidanyň razylygyna garamazdan, ony ezmek (ekspluatirlemek) maksadynda amala aşyrylan yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da güýç ulanmak arkaly haýbat atmak, mejbur etmek, aldaw, wezipe ygtyýarlygyndan peýdalanmak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanyp ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek bilen adamy satyn almak. Şu tesimde bellenen haýsy-da bir täsir ediş serişdeleriň peýdalanmagy bilen bagly bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedigi ezmek maksady bilen yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da almak adam söwdasy hasaplanýar;

3) adam söwdasy bilen meşgullanýan — adam söwdasyny amala aşyrýan fıziki ýa-da ýuridik şahs, şeýle hem öz hereketleri (hereketsizligi) bilen adam söwdasyna ýardam edýän, şonuň ýaly-da öz gulluk ygtyýarlyklaryna laýyklykda şony etmäge borçly bolsa-da onuň öňüni almaýan we garşy durmaýan wezipeli adam;

4) adam söwdasynyň pidasy — adam söwdasy bilen baglylykda daşalmagyna, geçirilmegine, satylmagyna ýa-da gaýry hereketlere razylygynyň bardygyna garamazdan, adam söwdasynа sezewar edilen we ondan ejir çeken fıziki şahs;

5) adam söwdasynyň pidalaryna barabar etmek — fıziki şahs babatynda adam söwdasy ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýat edilendigi ýa-da etmäge niýet edilýändigi hakynda maglumatlary almak maksady bilen amala aşyrylýan hereketleriň toplumy;

6) yrmak — haýsydyr bir iş üçin kireýine almak, hakyna tutmak, haýsydyr bir işe çekmek, şol sanda kanuna ters gelýän, haýsydyr bir guramanyň, şol sanda işi kanun tarapyndan gadagan edilen guramanyň düzümine gatnaşdyrmak;

7) mejbury zähmet — temmi ulanmak haýbaty bilen ýa-da mejbur etmegiň beýleki görnüşlerini ulanmak ýoly bilen talap edilýän islendik iş ýa-da hyzmat, eger şunda ol adam öz hyzmatlaryny meýletin teklip etmedik bolsa;

8) ezmek — mejbury zähmet ýa-da hyzmat, gulçulyk ýa-da gulçulyga kybapdaş dereje (ýagdaý), gulçulyga kybapdaş elgarama ýagdaý ýa-da adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagy, jynsy häsiýetli hereketleri etmek maksady bilen adamy ezmegiň gaýry görnüşleri;

9) gulçulyk — ol babatda eýeçilik hukugyna mahsus bolan käbir ýa-da ähli ygtyýarlyklar amala aşyrylýan adamyň ýagdaýy ýa-da onuň haly;

10) gulçulyk bilen kybapdaş dereje (ýagdaý) — elgarama ýagdaýynda, şol sanda bergi bendiliginde ýa-da talabanlykda duran adamyň derejesi (ýagdaýy);

11) bergi bendiligi — ýerine ýetirilýän işiň gymmaty bergini üzmäge hasaba alynmadyk ýa-da işiň dowamlylygy haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirilmedik ýa-da işiň häsiýeti we onuň zähmetine hak tölemegiň möçberi kesgitlenilmedik halatynda, bergidaryň öz şahsy zähmetini ýa-da oňa garaşly bolan adamyň zähmetini girewine goýmagy netijesinde döreýän ýagdaý ýa-da hal;

12) surrogat ene — başga maşgala üçin emeli taýdan tohumlandyrmagyň lukmançylyk usulynyň ulanylmagynyň netijesinde çaga dogran ýa-da götermek maksady bilen ýatgysyna çaga düwünçegi oturdylan aýal;

13) adam söwdasyna garşy hereket etmek — adam söwdasyny we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmek, olara zerur bolan kömegi bermek, adam söwdasynyň pidalaryny, şeýle hem adam söwdasyndan we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan ejir çekmegi mümkin bolan adamlary goramak we hukuklaryny dikeltmek boýunça döwlet edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, beýleki edaralaryň, şol sanda halkara guramalarynyň işi;

14) adam söwdasy bilen baglanyşykly jenaýatlar — jelepçilik etmek ýa-da jelepçilik etmeklige çekmek, ýa jelepçiligi dowam etmekligi mejbur etmek, gulçulyk zähmetinden peýdalanmak, adamy ogurlamak, raýatlary daşary ýurtda işe ýerleşdirmäge gönükdirilen bikanun hereketleri etmek, pornografik materiallary ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedikler şekillendirilen pornografik zatlary taýýarlamak we ýaýratmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan jenaýatlar.

2-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinden we adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

1. Şu Kanun adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň beýleki institutlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we raýatlaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

2. Şu Kanunyň täsiri:

1) Türkmenistanyň çäginde ýa-da onuň çäginden daşarda adam söwdasyna sezewar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna; 2) Türkmenistanyň çäginde adam söwdasyna sezewar bolan we adam söwdasynyň pidasy hökmünde barabar edilen pursadynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişlidir.

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

1. Şu Kanun:

1) şahsyýeti we jemgyýeti adam söwdasyndan we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlardan goramaga;

2) adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlary duýdurmaga, ýüze çykarmaga, öňüni almaga;

3) adam söwdasynyň pidalaryny goramaga we hukuklaryny dikeltmäge;

4) pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, adam söwdasyna garşy hereket etmegi utgaşdyrmaga, şeýle hem şu çygyrda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

2. Şu Kanunyň wezipeleri:

1) hukuk goraýjy we gaýry edaralaryň adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda netijeli işlemegini üpjün etmek; 2) adam söwdasynyň pidalaryna zerur möçberlerde kömegi, şol sanda psihologik, hukuk, durmuş, lukmançylyk we kömegiň gaýry görnüşlerini bermek; 3) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek; 4) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklarynyň dikeldilmegini üpjün etmek we olary durmuşa uýgunlaşdyrmak; 5) adam söwdasynyň pidalaryna ahlak we maddy taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bolup durýar.

5-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasaty

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça netijeli mehanizmi emele getirmek; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek; 3) hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak we adam söwdasynyň öňüni almakda, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmekde we olara kömek bermekde, adam söwdasy bilen meşgullanýanlary yzarlamakda başarjaňlyklaryny ösdürmek; 4) adam söwdasynyň ýagdaýy barada, bu hadysanyň üýtgemeginiň ugurlary boýunça maglumaty umumylaşdyrmak we seljermek hem-de adam söwdasyna garşy hereket etmegi kämilleşdirmek boýunça teklipleri girizmek; 5) ilatyň habarlylygyny, öňüni alyş işleri geçirmekligiň derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň gowşaklyk derejesini peseltmek; 6) adam söwdasynyň pidalary bolan adamlary beden, psihologik we durmuş taýdan dikeltmek üçin amatly şertleri döretmek; 7) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek; 8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bolup durýar.

2. Döwlet adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, şulary üpjün edýär:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklygyny; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda, şol sanda durmuş, migrasiýa, maglumat, bilim we ygtyýarlylandyrmak syýasatynda işleri utgaşdyrmagy; 3) adam söwdasyny duýdurmak we öňüni almak boýunça, onuň pidalarynyň durmuş hukuklaryny dikeltmek we olara ähli taraplaýyn döwlet kömeginiň we hemaýatynyň berilmegi boýunça maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegi; 4) hukuk goraýjy edaralaryň, iş bilen üpjünçilik we durmuş taýdan goramak gulluklarynyň, saglygy goraýyş edaralaryň, bilim we beýleki edaralaryň adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça ylalaşykly işleri alyp barmagynyň mehanizmlerini kämilleşdirmegi; 5) döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, gaýry edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, raýat jemgyýetiniň beýleki institutlarynyň, ilatyň giň gerimli gatlaklarynyň adam söwdasyny duýdurmak we öňüni almak boýunça hereketlerini utgaşdyrmagy.

6-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri

Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri:

1) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda kanunylygy berjaý etmek; 3) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak; 4) kemsitmezlik, adam söwdasyndan ejir çekenlere hormat goýmak we tarapgöýsiz garamak, adam söwdasynyň pidalaryna howpsuz we adalatly çemeleşmegi hem-de olaryň adyl kazyýetlilige elýeterligini üpjün etmek; 5) çaganyň hukuklaryny goramak we onuň iň ýokary bähbitlerini berjaý etmek; 6) adam söwdasyny ýa-da şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlary eden adamlaryň jogapkärçiliginiň gutulgysyzdygy; 7) hukuk, syýasy, durmuş-ykdysady, lukmançylyk, öňüni alyş we habar beriş çäreleriniň peýdalanylmagynyň jemi; 8) başga döwletleriň ygtyýarly edaralary bilen bilelikde hereket etmek; 9) jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar.

II BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ PIDALARYNA TÄSIR ETMEGIŇ USULLARY WE OLARY EZMEGIŇ GÖRNÜŞLERI

7-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryna täsir etmegiň usullary

Adam söwdasynyň pidalaryny ezmek:

1) zorluk ulanmak ýa-da (we) neşe serişdelerini we psihotrop maddalaryny, alkogolly we güýçli täsir edýän serişdeleri ulanmak arkaly fiziki taýdan mejbur etmek; 2) bergi bendiligi ýa-da başga maddy taýdan baglylykda, şol sanda gulçulykda ýa-da gulçulyga kybapdaş derejede (ýagdaýda) bolmak görnüşinde ykdysady taýdan mejbur etmek; 3) ýalan haýbat atmak, aldaw ýoly bilen, ýalňyşlyga salmak ýa-da zorluk ulanmak howpy bilen psihologik taýdan mejbur etmek; 4) ogullyga (gyzlyga), hossarlyga almak arkaly hukuk taýdan bagly etmek usullary ulanyp amala aşyrylyp bilner.

8-nji madda. Adam söwdasynyň pidalaryny ezmegiň görnüşleri

1. Adam söwdasynyň pidalary babatda işiň mazmuny boýunça ezmek şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrlyp bilner:

1) adamyň beden agzalaryny we (ýa-da) dokumalaryny transplantasiýa etmek we biolukmançylyk gözlegleri geçirmek maksatlar üçin ezmek; 2) aýaly surrogat enelik häsiýetinde önelge maksatlar üçin ezmek; 3) adam zähmetini (mejbury zähmet) durmuş çygrynda, önümçilikde, oba hojalyk işlerinde, şeýle hem jenaýatçylykly işewürlik çygrynda (bikanun önümi öndürmekde) başga jenaýatçylyk ýa-da kanuna garşy hereketler üçin ezmek; 4) jynsy gatnaşyklar arkaly ezmek; 5) adamy ýaragly çaknyşyklarda ýa-da harby hereketlerde ýa-da ýaragly birikmelerde ezmek.

2. Eger, pida babatynda adam söwdasyna gönükdirilen islendik täsir ediş serişdeleri ulanylan bolsa, bu hereket adam söwdasyna degişli edilende ezilişiň görnüşleri barasynda adam söwdasynyň pidasynyň razylygy üns berilmäge degişli däldir.

III BAP. ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEGIŇ GURAMAÇYLYK ESASLARY

9-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp düzmegi, meýilnamalaşdyrmagy, maliýeleşdirmegi we amala aşyrmagy üpjün edýär; 3) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri guramagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edýär; 4) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar; 5) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça milli meýilnamany tassyklaýar we onuň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;

10-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary adam söwdasy bilen meşgullanýan adamlary yzarlamak we jogapkärçilige çekmek, adam söwdasyny we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlara getirýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny goramak we hukuklaryny dikeltmek boýunça çäreleri görýärler.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan hukuk goraýjy we gaýry edaralar şular bolup durýarlar:

1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy; 2) Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi; 3) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi; 4) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy; 5) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

3. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy:

1) adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar; 2) ýüze çykarylan ýagdaýynda adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyny aradan aýyrmak boýunça çäreleri görýär; 3) adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreleri görýär we adam söwdasyny ýa-da şonuň bilen bagly jenaýatlary eden adamlara garşy jenaýat yzarlaýşy amala aşyrýar; 4) şu maddanyň ikinji böleginde bellenen döwlet edaralarynyň adam söwdasyna garşy hereket etmek işini utgaşdyrýar.

4. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy çygrynda jenaýatlary duýdurmak, ýüze çykarmak we olaryň öňüni almak, şeýle jenaýatlaryň hasaba alyş maglumatlaryny ýöretmek, adam söwdasy bilen meşgullanýan we Türkmenistanyň çäginde hereket edýän adamlaryň we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlarynyň aragatnaşygyny ýüze çykarmak we olaryň soňuna çykmak arkaly amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň halkara terrorçylyk guramalary we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlary bilen aragatnaşyklaryny ýüze çykarmak arkaly amala aşyrýar.

6. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy adam söwdasyna garşy hereket etmegi adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden bikanun geçmäge eden synanyşyklarynyň, şeýle hem adam söwdasynyň pidalarynyň Türkmenistanyň Döwlet serhedini kesip geçmeginiň öňüni almak, ony ýüze çykarmak we onuň soňuna çykmak arkaly amala aşyrýar.

7. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde adam söwdasyna we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlara garşy hereket etmegi Türkmenistanyň Döwlet serhedinde adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň we adam söwdasy bilen bagly jenaýatlaryň pidalarynyň migrasiýa gözegçiligi nokadyny kesip geçmäge eden synanyşyklaryny ýüze çykarmak we öňüni almak, adam söwdasynyň pidasy bolan beýleki döwletleriň raýatlaryny ýurduň çäginden daşyna ugratmak, adam söwdasynyň pidasy bolanlara kömek bermäge gönükdirilen çäreleri görmek arkaly alyp barýar.

8. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryny dikeltmekde kömek berýän edaralar bilen bilelikde, şeýle pida sezewar bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça işleri amala aşyrýarlar, olaryň ýurduna dolanyp gelmegine ýardam berýärler; 2) adam söwdasynyň pidasy bolan Türkmenistanyň raýatlaryna, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistana gelmek üçin resminamalary gaýragoýmazdan resmileşdirmegi üpjün edýärler; 3) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, şu Kanunda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.

9. Türkmenistanyň Bilim ministrligi adam söwdasynyň öňüni almagyň meseleleri we oňa garşy hereketiň usullary barada bilim edaralarynda okatmaga niýetlenen okuw maksatnamalaryny taýýarlaýar we tassyklaýar.

10. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi adam söwdasynyň pidalaryna lukmançylyk we psihologik kömek bermegiň tertibini, şol sanda tölegsiz, şeýle hem ýöriteleşdirilen edaralary derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün etmegiň tertibini kesgitleýär.

11. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi adam söwdasynyň pidalaryny işe ýerleşdirmek, hünär taýýarlygy babatda kömek bermek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, şeýle hem olara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan durmuş taýdan goldamak boýunça mümkinçilikleri döredýär.

11-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýarlyklary

Adam söwdasynyň we onuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak, adam söwdasynyň pidalaryny goramak we kömek bermek maksady bilen jemgyýetçilik guramalary adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda şulara hukuklydyr:

1) şu Kanunyň 10-njy maddasynda görkezilen döwlet edaralary bilen özara hereket etmäge; 2) adam söwdasyna garşy hereket etmek meseleleri boýunça, şol sanda adam söwdasynyň pidalarynyň sezewar edilip bilinjek töwekgelçilikler barada habarlar toplumyny guramaga; 3) adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek boýunça merkezleri döretmäge; 4) şu Kanunda, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we olaryň tertipnamalarynda göz öňünde tutulan beýleki işleri amala aşyrmaga.

12-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda halkara guramalarynyň işi

Международные организации, осуществляющие деятельность в сфере противодействия торговле людьми, в целях предупреждения торговли людьми и связанных с ней преступлений, идентификации жертв торговли людьми, предоставления им защиты и оказания помощи, вправе:

1) şu Kanunyň 10-njy we 11-nji maddalarynda görkezilen döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde hereket etmäge; 2) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, adam söwdasyna garşy hereket etmäge gönükdirilen halkara tehniki kömekleriň taslamalaryny, şol sanda adam söwdasynyň pidalaryny goramak we olara kömek bermek boýunça merkezleri döretmek arkaly durmuşa geçirmäge.

13-nji madda. Adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizmi

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek işini amala aşyrýan döwlet edaralary bilen jemgyýetçilik guramalaryň, döwlete degişli bolmadyk edaralaryň we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizminiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Adam söwdasynyň pidalarynyň gaýtadan ugrukdyrylmagynyň mehanizminiň çäklerinde toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylyş tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

14-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak

1. Adam söwdasyna garşy hereket edýän döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini utgaşdyrmak Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça Pudagara topar (mundan beýläk — Pudagara topar) tarapyndan amala aşyrylýar. Pudagara toparyň düzülişiniň we işiniň tertibi, onuň düzümini we ol barada Düzgünnamany tassyklaýan, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Pudagara toparyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) adam söwdasyna ýardam edýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleri üpjün etmek; 2) adam söwdasynyň ýagdaýy we gönükdirilen meýiller barada maglumatlary umumylaşdyrmak we seljermek; 3) adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak; 4) adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek we olary goramak bilen bagly işleri gowulandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak; 5) adam söwdasyna garşy hereket etmek meseleleri barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek; 6) adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak; 7) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleriň netijeleri hakynda ýyllyk hasabaty bermek; 8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan gaýry wezipeleri amala aşyrmak we beýleki çäreleri ýerine ýetirmek.

15-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam bermek

1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar we raýatlar döwlet edaralaryna olaryň adam söwdasyna garşy hereketlerinde ýardam etmäge borçludyrlar.

2. Adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik we halkara guramalar aň-bilim beriş işlerini geçirmekde, raýatlara amatsyz durmuş ýagdaýlarynda sezewar bolup biljek töwekgelçilikler hakynda habarly etmekde ýardam berýärler, adam söwdasynyň pidalaryna kömek bermek boýunça ýöriteleşdirilen edaralaryň işini guramaga gatnaşýarlar we olaryň durmuşa uýgunlaşmagy we durmuş hukuklarynyň dikeldilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýarlar.

16-njy madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri meýilleşdirmek

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmegiň, şeýle hem onuň pidalarynyň goralmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, adam söwdasyna garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralary bu ugurda hereketleriň milli meýilnamasyny işläp taýýarlaýarlar. 2. Hereketleriň milli meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitli bir möhlete tassyklanylýar we adam söwdasyna garşy hereket etmäge, şeýle hem adam söwdasynyň pidalaryny goramaga we kömek bermäge, şol sanda jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

17-nji madda. Adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakyndaky maglumatlary ulgamlaşdyrmak

1. Adam söwdasyna garşy netijeli hereket etmegi, adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň jenaýatçylykly hereketlerini ýüze çykarmagy we öňüni almagy, adam söwdasynyň pidalaryny barabar etmegi we degişli maglumatlary ulgamlaşdyrmagy üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakyndaky maglumatlaryň hasaby ýöredilýär.

2. Hasaba alyş maglumatlaryna adam söwdasy çygrynda jenaýatlar hakynda, adam söwdasyna dahylly adamlar barada (aýallar we çagalar baradaky maglumatlary bölmek arkaly) şu aşakdaky maglumatlar girizilýär:

1) adam söwdasy bilen meşgullanýanlar we olaryň şärikleri hakynda; 2) adam söwdasynyň pidalary hakynda; 3) adam söwdasynyň pidalary — çagalar hakynda.

3. Hasaba alyş maglumatlaryna şular girizilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çagalaryň söwdasy we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlar hakynda hukuk goraýjy edaralara habar bermäge borçly bilim, saglygy goraýyş, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralaryndan, çagalar bilen işleýän beýleki edaralardan olaryň işgärlerine hünär ýa-da gulluk işini amala aşyrmak bilen baglylykda mälim bolan we gelip gowuşýan maglumat;

2) dessin-agtaryş we adam söwdasy çygrynda jenaýatlary ýüze çykarmak, öňüni almak, derňemek we üstüni açmak bilen bagly beýleki çäreleriň geçirilmeginiň netijesinde alnan maglumat, şol sanda Jenaýat polisiýasynyň halkara guramasyndan (Interpol) we beýleki halkara guramalaryndan gelip gowuşýan maglumat;

3) информация, полученная по сети «горячих линий», телефонов доверия.

4. Hasaba alyş maglumatlaryna girizilen maglumat ýaşyryn hasaplanylýar, ony saklamagyň we oňa rugsat edilmeginiň, şeýle hem ony bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. 5. Hasaba alyş maglumatlarynda bar bolan maglumaty bikanun aýan etmek, ýaýratmak ýa-da peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

IV BAP. ADAM SÖWDASYNYŇ WE ONUŇ BILEN BAGLY JENAÝATLARYŇ ÖŇÜNI ALMAK

18-nji madda. Adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler

1. Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işi amala aşyrýan döwlet edaralary onuň öňüni almak boýunça çäreleri görýärler. 2. Adam söwdasynyň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreleriň ulgamy şulary öz içine alýar: 1) jenaýatyň şu görnüşini etmäge sebäp bolan şertleri we sebäpleri öz wagtynda ýüze çykarmak maksady bilen, adam söwdasy boýunça ýagdaýlara seljeriş geçirmek; 2) adam söwdasynyň öňüni almaga gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we amala aşyrmak, şol sanda adam söwdasynyň öňüni alyş çärelerine, adam söwdasynyň pidasy bolup biljek adamlar üçin töwekgelçiligiň peseldilmegine gönükdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak; 3) adam söwdasynyň pidalygyna sezewar bolup biljekleriň howply ýagdaýlary barada, döwlet we ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan berilýän gorag hakynda, döwlet tarapyndan kabul edilýän adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça jenaýat yzarlaýyş we administratiw temmi çäreleri barada jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmak; 4) adam söwdasynyň we (ýa-da) olary ezmek üçin şertleriň ýüze çykmagyna getirip biljek işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak; 5) syýahatçylyk işlerini amala aşyrýan agentlikleriň we şahslaryň işlerine talaplary bellemek; 6) raýatlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň olar tarapyndan adam söwdasynyň ýüze çykarylan faktlary hakynda hukuk goraýjy edaralara dessin habar bermegi, şol sanda gizlin görnüşde habar bermegi üçin «gyzgyn torlary» we ynanç telefonlar ulgamlaryny döretmek; 7) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan edaralaryň işgärleriniň ýörite hünärliligini, hünär taýýarlygyny guramak; 8) adam söwdasyna garşy hereket etmek çygrynda işleri amala aşyrýan jemgyýetçilik guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek; 9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler.

19-njy madda. Maglumatlar çygrynda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça çäreler

1. Adam söwdasynyň we şonuň bilen baglanyşykly jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen, şol jenaýatlary wagyz etmek, şeýle hem adam söwdasy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň mahabaty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gadagan edilýär.

2. Edaralara, bilim edaralaryna, dynç alyş edaralaryna, şol sanda internet-kafelere, kompýuter klublaryna personal kompýuter enjamlaryna çagalary adam söwdasy çygryna çekmeklige täsir edýän maglumatlardan goraýan tehniki-tehnologik we enjam-programma serişdeleri enjamlaşdyrylan şertlerinde çagalara Internet torunyň hyzmatlarynyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.


Bu saýt amerikan halkynyň goldawy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň (USAID) üsti bilen amala aşyryldy. Saýtyň mazmuny üçin "Maşgala" Jemgiýetçilik Guramasy jogapkärçilik çekýär we bu saýt hökmany suratda USAID-iň ýa-da ABŞ-nyň hökümetiniň garaýyşlaryny aňladýar diýlip düşünilmeli däldir.